Hytaýda 3,5 GWt kuwwatly, dünýäde iň uly Midong Gün elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. Sinszýanyň demirgazyk-günbatarynda, Urumçiniň golaýynda ýerleşýän bu toplum 133,5 inedördül metr meýdany tutýar we 5,26 milliondan gowrak monokristally ikitaraplaýyn Gün panellerini öz içine alýar. Taslama döwlet eýeçiligindäki China Green Electricity Investment of Tianjin kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Oňa 15,45 milliard ýuandan gowrak (2,13 milliard dollar töweregi ) maýa goýuldy. Elektrik stansiýasy ýylda 6,09 milliard kWtç elektrik öndürmäge ukyply, bu 9 million ilatly Papuanyň - Täze Gwineýanyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ýeterlikdir diýip, Reuters habar berýär. Şeýle hem, bu mukdar bir ýylda 2 million elektrik ulagyny işletmäge ýeterlikdir. Midong 455 GWt kuwwatly ýel-Gün toplumyny döretmek boýunça uly göwrümli taslamanyň bir bölegine öwrüldi. Taslama Hytaýyň 2030-njy ýyla çenli iň ýokary uglerod zyňyndylaryny we 2060-njy ýyla çenli uglerodyň bitaraplygyny gazanmak ugrundaky tagallalarynyň bir bölegidir.