Toyota we Mazda kompaniýalary Ýaponiýanyň Ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministrliginiň çözgüdi esasynda 6-njy iýundan bäş modeliň önümçiligini togtatdylar. Edara kompaniýalar tarapyndan awtoulaglaryň synag netijeleri baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylmagynyň üstüni açdy diýip, IXBT habar berýär. Şeýlelikde, Toyota kompaniýasy Corolla Fielder, Corolla Axio we Yaris Cross modelleriniň önümçiligini 28-nji iýuna çenli togtadar. Mazda hem Roadster RF we MAZDA2 modellerini çykarmagyny togtatdy, ýöne önümçiligiň gaýtadan başlanjak senesini heniz aýtmady. Iki kompaniýanyň-da beýleki modelleri adaty ýagdaýda öndürilmegini dowam etdirer. Geçen maliýe ýylynda Toyota-nyň ýokarda agzalan üç modeliniň umumy önümçiligi, takmynan, 130 000 awtoulag boldy, Mazda-nyň iki modeliniň önümçilik möçberi bolsa, takmynan, 15 000 birlik boldy. Önümçiligiň togtadylmagy iki kompaniýanyň hem görkezijilerine ýaramaz täsir edip biler. Toyota, Honda we Mazda kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bu waka sebäpli ötünç soramak üçin metbugat maslahatyny geçirdiler. Toyota Group-yň prezidenti Akio Toýoda metbugat maslahatynda şeýle diýdi: “Galplyk – şahadatnama ulgamyny gowşadýan esasy mesele we awtomobil öndürijileri muny hiç haçan etmeli däldir. Toyota Group-yň ýolbaşçysy hökmünde men çyn ýürekden ötünç soraýaryn”. Mazda-nyň prezidenti Kasuhiro Moro hem metbugat maslahatynda şeýle diýdi: “Men Mazda awtomobillerini ulanýan müşderileri birahat edýändigim üçin özümi günäkär duýýaryn. Men öz borçlaryma has jogapkärli çemeleşerin”. Belläp geçsek, maglumatlary galplaşdyran kompaniýalaryň arasynda Toyota we Mazda-dan başga-da, Yamaha Engine, Honda Giken Industries we Suzuki bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir