2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda bortunda astronawtlar Sunita Wilýams we Barri Wilmor bolan köp gezeklik Boeing Starliner kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) birleşdi. Ýaýlym NASA-nyň saýtynda alnyp baryldy. Tehniki näsazlyklar sebäpli ençeme gezek gijikdirilen uçuş ahyrynda bir gije-gündiz wagt aldy. Starliner-iň HKS bilen birleşmesi meýilleşdirilenden tas bir ýarym sagat soň, 22:34-de bolup geçdi. Çünki, Starliner-iň hyzmat modulynda gurnalan 28 ugur hereketlendirijisiniň 5-isini işe girizmek bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykdy. Şeýle-de, gäminiň ýangyç ulgamynda iki sany geliý syzmasy ýüze çykaryldy. Bu näsazlyklara garamazdan, missiýa toparyna işlemän galan 5 hereketlendirijiden dördüsiniň işe ukyplylygyny gaýtadan dikeltmek başartdy we gämi HKS bilen üstünlikli birleşdi. Wilmor bilen Wilýamsyň stansiýada bir hepde töweregi bolmagyna garaşylýar. Soň 14-nji iýunda Starliner meýilnama boýunça Uaýt-Sends (Nýu-Meksiko ştaty) meýdançasynda asuda gonuşy amala aşyrmaly. Uçuşyň esasy wezipesi gäminiň ekipažlary kosmos stansiýasyna eltmek we olary Ýere gaýtaryp getirmek ukybyny barlamakdan ybarat.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir