2024-nji ýylyň birinji çärýeginde emeli aň funksiýalary bolan smartfonlaryň arasynda öňdebaryjy orny Samsung eýeledi. Bu barada Counterpoint Research analitik firmasy täze hasabatynda habar berdi. Sarp edijileriň arasynda iň meşhur smartfon bazaryň 30,1%-ini eýelän Samsung Galaxy S24 Ultra boldy. Ikinji orunda 16,8% paý bilen Samsung Galaxy S24, üçünji orunda 11,5% paý bilen Galaxy S24+ ýerleşdi. Reýtingde Xiaomi, Vivo, Oppo, OnePlus, Honor we Google ýaly öndürijiler hem bar. Hasabata görä, ýylyň birinji çärýeginde ähli smartfonlaryň 6%-i emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Bahasy 600 dollardan geçýän premium gurluşlar 70%-de diýen ýaly emeli aň goldawyna eýedir. Counterpoint Research emeli aň funksiýalary bolan smartfon modelleriniň sanynyň birinji çärýekde geçen ýyldaky 16-dan 30-a çenli artandygyny belleýär. Çaklamalara görä, 2024-nji ýylda emeli aňly smartfonlaryň paýy 11%-e çenli ýokarlanar.