Apple 10-njy iýunda WWDC 2024-de iOS 18-i hödürlär. Ýöne insaýderleriň maglumatlaryna görä, onuň käbir AI funksiýalary diňe soňky çykan enjamlarda elýeterli bolar. Neýroulgamlaryna we maşyn öwrenişine esaslanýan funksiýalar diňe iPhone 15 Pro, iPad Pro we M-seriýaly çipleri bolan Mac kompýuterlerinde işlejekdigini Bloomberg-iň analitigi Mark Gurman habar berdi. Bu diýildigi, iPhone 15, iPad modelleriniň we M - seriýaly çipleri bolan käbir köne enjamlaryň iOS 18-iň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp bilmejekdigini aňladýar. Täze AI funksiýalaryny aljak enjamlaryň sanawy: iPhone 15 Pro, iPhone 15 Pro Max we ondan soňky modeller; iPad Air M1 (2022) we ondan soňky modeller; iPad Pro M1 (2021) we ondan soňky modeller; MacBook Air M1 (2020) we ondan soňky modeller; MacBook Pro M1 (sensor panelli we panelsiz) we ondan soňky modeller; M2 çipleri bolan Mac Pro; Mac mini M1 (2020) we ondan soňky modeller; Mac Studio (ähli modelleri); iMac M1 / ​​M3 we soňraky modeller. Täze funksiýalar, hatda iPhone 15, 15 Plus we ähli esasy iPad we iPad mini modelleri üçinem elýeterli bolmaz. M1 çipleri bolan kompýuterler we planşetler AI funksiýalaryny 50% ähtimallyk bilen kabul edip bilerler, sebäbi bu enjamlara eýýäm 2-3 ýyl boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir