Tomus möwsüminiň gelmegi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak isleýän syýahatçylaryň sanynyň artmagy bilen "Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlarynyň sanyny artdyrdy. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, "Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça hem ýerine ýetirilýän gatnawlaryň sany hepdede 16 gatnawa çenli artdyryldy". Şeýle hem Mary – Türkmenbaşy – Mary, Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat ugry boýunça goşmaça gatnawlar ýola goýuldy. Tomusky dynç alşy netijeli guramak maksady bilen, «Türkmenhowaýollary» agentligi ähli halkara howa menzilleriniň ýerüsti tehnikalary, zerur bolan awtoulaglar bilen doly derejede üpjünçiligi, uçuş-gonuş zolagynyň yşyklandyryş, habar beriş ulgamlary boýunça synag-barlaglary, howa hereketini dolandyrmak, şeýle-de ýolagçylara ýokary hilli, medeniýetli hyzmat etmek boýunça şahsy düzümi bilen taýýarlyk işlerini geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir