1-nji iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Grenlandiýanyň milli ýygyndy topary bilen halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk türkmen futbolçylarynyň peýdasyna 5:0 hasap bilen tamamlandy diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar berdiler. Ýeňiş toplaryny Elman Tagaýew (2), Didar Durdyýew, Şanazar Tirkişow hem-de Alibek Abdyrahmanow öz atlaryna ýazdyrdylar. Belläp geçsek, ýurdumyzyň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek Grenlandiýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Grenlandiýa Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasyna agza bolup durmaýanlygy sebäpli, FIFA-nyň reýtingine girmeýär. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 26-njy maýdan 4-nji iýuna çenli aralykda Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu ýygnanyşyk Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 6-njy iýunda Özbegistanyň (Daşkent şäheri), 11-nji iýunda bolsa Gonkongyň (Aşgabat şäheri) ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklara taýýarlygyň esasy tapgyryna öwrüler. Milli ýygyndy toparymyzyň Gonkongyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşygynyň “Aşgabat” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir