1-nji iýunda - Çagalary goramagyň halkara gününde Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy şäherinde durky täzelenen çagalar üçin seýilgähiň açylyşy boldy. Iki ýyllyk abatlaýyş işlerinden soň, seýilgäh ýene-de myhmanlary kabul edip başlady. 2,7 gektar meýdanda ýerleşen çagalar dynç alyş seýilgähinde 30-dan gowrak oýun attraksionlary bar. Ýapyk binada çagalar üçin altmyş töweregi oýun awtomatlary hereket edýär. Attraksionlarda bir biletiň bahasy 1 manat.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir