Şu gün, 3-nji iýunda Gün ulgamynyň Ýerden başga ähli planetalary Günüň bir tarapynda hatar bolup düzülýärler. Bu barada Moskwa planetariýasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär. Gynansak-da, Gün sebäpli bu astronomiki hadysa Ýerden syn etmek mümkin bolmaz – Günüň ýagty şöhleleri asman jisimlerine seretmäge päsgel berer. Diňe Saturny gysga wagtlyk Gün dogmazdan ozal aýdyň asmanda gözýetimden pesde görmek bolar. Ýörişiň dowamynda ähli planetalar Günüň golaýynda bir hatara şeýle tertipde düzülerler: Gün, Wenera, Ýupiter, Merkuriý, Uran, Mars, Neptun we Saturn. Şeýle-de, duşenbe güni planetalara “azalýan” Aýyň inçejik orak bölegi goşular, ol Marsa ýakyn bolar, sişenbe güni Merkuriý bilen Ýupiteriň arasynda bolsa bary-ýogy alty burç minuty bolar. Belläp geçsek, planetalaryň ýörişi ortaça 20 ýyldan bir gezek bolup geçýän seýrek hadysadyr. Indiki hadysany 2040-njy ýyldan ir görmek bolmaz.