Hytaýyň AGM kompaniýasy dünýäde iň berk smartfonlaryň biri hökmünde AGM X6 smartfonyny hödürledi, diýip Hi-Tech ýazýar. Täze önümiň esasy aýratynlygy, dürli täsirlere aşa çydamlylygydyr. Smartfon IP69 standarty boýunça kepillendirilendir, bu bolsa onuň tozany we suwy hiç hili geçirmeýändigini aňladýar. Mundan başga-da, AGM X6 gazanda bir minut gaýnap bilýär. Smartfon 60 metre çenli belentlikden ýere gaçmakdan we aşa temperaturadan (-20 ° C-den + 80 ° C çenli) gorkmaýar. Enjama gury buz guýulsa ýa-da bir minut oda taşlansa-da işleýär. Şeýle-de bolsa, öndürijilik nukdaýnazaryndan smartfon aýratyn täsirli däl. AGM X6 UniSoC T750 prosessory, 8 Gb operatiw ýady we 256 GB içerki ýady bilen enjamlaşdyrylandyr. Beýleki aýratynlyklary: Ekran: 6,78 dýuým, IPS, 2460x1080 piksel, 60 Gs; Batareýa: 5000 mAs, 18 Wt zarýad; Kameralar: esasy 50 Mp, gije 20 Mp, öň 16 Mp; OS: Android 13; beýlekiler: barmak yz skaneri, 5G, stereodinamikler, 3,5 mm port, Bluetooth 5, Wi-Fi 5, iki SIM karta we bir mikro SD kart üçin ýer. Hytaýda satuw eýýäm başlandy. AGM X6-nyň bahasy 2799 ýuan (takmynan 393 dollar). Şeýle hem, AGM X6 Zero atly çäkli neşir görnüşi bar, ol aýna arka gapagy bilen tapawutlanýar. Bahasy 3,199 ýuan (450 dollar).

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir