Litwanyň häzirki Prezidenti Gitanas Nauseda ikinji möhlete gaýtadan saýlandy. Baş saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, ol Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýurduň 1895 saýlaw uçastogynda býulletenler sanalandan soň, saýlawçylaryň sesiniň 74,43%-ini aldy diýip, Delfi habar berýär. Nausedanyň esasy bäsdeşi – premýer-ministr Ingrid Şimonitäni saýlawçylaryň 24,06%-i goldady. Saýlawa gatnaşyk 49,61% boldy. Nauseda žurnalistleriň öňünde çykyş etmek bilen, Litwanyň halkyna bildirilen ynam üçin minnetdarlygyny aýdyp, Prezident wezipesindäki täze möhletinde ilkinji maksadyň maddy hal-ýagdaýly döwleti gurmagyň boljakdygyny belledi. Şeýle-de, Nauseda işiň iki ugrunyň – daşary syýasatyň we howpsuzlygyň hem möhümdigini nygtap geçdi. Gitanas Nauseda Litwanyň Prezidenti wezipesini 2019-njy ýylyň iýul aýyndan bäri eýeleýär.