Bergamonyň “Atalantasy” Ýewropa ligasynyň finalynda taryhy ýeňşi gazandy, ol Lewerkuzeniň “Baýerini” 3:0 hasabynda utdy. Oýun Dublindäki (Irlandiýa) “Awiwa” stadionynda geçirildi. Oýnuň gahrymany öz hasabyna üç gol ýazan nigeriýaly hüjümçi Ademola Lukman boldy. Hüjümçi oýnuň eýýäm 12-nji minutynda hasaby açdy, soň 26-njy minutda “Atalantanyň” artykmaçlygyny iki gola ýetirdi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda, 76-njy minutda nigeriýaly hüjümçi üçünji goluny girizip, toparynyň uly ýeňşine nokat goýdy. “Baýer” Lukmanyň gollaryna jogap berip bilmän, möwsümde ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Ýewropa ligasynyň finalyndan öň Habi Alonsonyň topary ýeňliş diýen zady bilmän, Germaniýanyň çempionatynda ýeňiji boldy we ýurduň Kubogynyň finalyna çykdy. Toparyň ýeňlişsiz tapgyry 52-nji oýunda tamamlandy. Bu ýeňiş “Atalanta” üçin ýewrokubok taryhynda ilkinji boldy. Lukmanyň het-trigi Ýewropa ligasynyň final taryhynda ikinji boldy diýip, Opta habar berýär. Ýaryşyň jemleýji oýnunda üç gol girizmegi başaran ilkinji oýunçy 1975-nji ýylda Niderlandlaryň “Twente” toparyna garşy oýunda Menhengladbah “Borussiýasynyň” düzüminden Ýupp Haýnkes boldy (1:5).