Germaniýaly Tomas Tuhel metbugat konferensiýasynda möwsümiň ahyrynda Mýunheniň “Bawariýasynyň” baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär. Ilkibaşda Tuheliň “Bawariýa” bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli niýetlenipdi. Fewral aýynda klubuň ýolbaşçylygy tälimçi bilen 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyndan hyzmatdaşlygy ýatyrmak barada ylalaşylandygyny mälim etdi. Soň KHBS-de Tuheliň häzirki wezipesinde galyp biljekdigi barada habarlar peýda boldy. “Bu meniň Zebener Ştrassede soňky metbugat konferensiýamdyr. Biziň fewral aýyndaky ylalaşygymyz güýjünde. Ýakynda ony gaýtadan maslahatlaşdyk, ýöne ylalaşyga gelip bilmedik” – diýip, “Bawariýanyň” X sosial ulgamyndaky sahypasy Tuheliň sözlerini getirýär. Tuhel “Bawariýa” 2023-nji ýylyň mart aýynda ýolbaşçy boldy. Onuň ýolbaşçylygynda topar 2022/23-möwsüminiň jemi boýunça Germaniýanyň çempiony boldy. Häzirki möwsümde “Bawariýa” 2012-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Bundesliganyň çempiony bolup bilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir