Samsung ABŞ-da we dünýä bazarynda paýyny artdyrsa-da, Hindistanda ýagdaý günorta koreýaly kompaniýa üçin o diýen üstünlikli bolmady. Birinji çärýegiň jemi boýunça, kompaniýa göni üçünji orna düşdi. Bu barada ixbt.com belleýär. Counterpoint analitikleri bir ýyl mundan ozal 20,3% paý bilen birinji orny eýelän Samsung-yň 17,5% paý bilen üçünji orna düşendigini belleýärler. Ondan öňde bazar paýyny 15,8%-den 18,8%-e çenli artdyran Xiaomi we 17,5%-den 19,2%-e çenli artdyran Vivo gelýär. Iň gowularyň bäşligine, degişlilikde, 10,1% we 9,9% bilen Oppo we Realme hem girýär. Şeýle-de bolsa, pul aňlatmasynda hut Samsung öňdebaryjydyr: onuň bu ýerde paýy 22%-den 25%-e çenli ýokarlandy. Bu kompaniýanyň Hindistanda ortaça has gymmat modelleri satyp başlandygyny görkezýär. Analitikler Hindistanda Samsung smartfonlarynyň ortaça satuw bahasynyň taryhda rekord derejeli bolandygyny belleýärler.