Ammarlaryň önümden çakdanaşa doludygy sebäpli, Nissan ABŞ-daky söwda dilerlerine awtoulaglary maslahat berlen bölek satuw bahasyndan hem arzan satmaga rugsat berdi diýip, IXBT habar berýär. Cox Automotive-iň berýän maglumatlaryna görä, Nissan awtoulaglary satyn alynmazdan öň 98 günläp dilerleriň ambarlarynda durýar. Satuwy höweslendirmek we täze modellere ýer boşatmak üçin (täze Nissan Kicks ýaly) awtoulag öndürijisi dellallara maslahat berlen bölek satuw bahasyndan 10% -e çenli arzanladyş teklip etmäge rugsat berdi. Uly Nissan Armada bolsa 15%-e çenli arzanladyş goýlup bilner. Şol bir wagtyň özünde arzanladyşdan çekilen zyýan dilerleriň öz gerdenine düşýär. Şeýle-de bolsa, bu olara baha kesmekde erkinlik berýär we saklanyşa gidýän çykdajylaryny azaldýar. Arzanladyşlar ähli modeller üçin ulanylyp bilinýän hem bolsa, aslynda olar diňe az islegli modeller we bezeg derejeleri satyljak bolanda hödürlenýär. Mysal üçin, arzanladyş 52 000 dollarlyk Nissan GT-R-a ýa-da Nissan Pathfinder Platinum 2024 üçin ulanylmaýar.