Laosly, rak keseli bilen göreşýän migrant 1,3 milliard dollar möçberindäki Powerball jekpotyny gazandy diýip, The New York Post habar berýär. Oregon ştatynyň Portlend şäherinden 46 ýaşly Çeng Sefang Powerball peteginiň şowly petek bolandygyny bilip, gözlerine ynanyp bilmedi. Sekiz ýyl bäri rak keseli bilen göreşýän Sefan ajaýyp ýeňiş baradaky habary alanda, soňky himiýa bejergisini tamamlapdy. Oregon lotereýasy tarapyndan guralan metbugat ýygnagynda Sefan "Men lotereýa üçin minnetdar we nesibäme begenýärin" - diýdi. Ol bu şowlulygyň durmuşyny üýtgedendigini aýtdy. Çeng we onuň aýaly Duanpen nesibeli birnäçe petegi satyn almak üçin 100 dollar bagyş eden dosty bilen utuşy deň paýlaşmagy meýilleşdirýär. Salgytlar tölenenden soň, takmynan, 422 million dollar boljak puly olar bir gezekde almagy karar etdiler. Sefan: “Maşgalamy we saglygymy üpjün edip bilerin. Özüme gowy lukman taparyn"-diýdi. Indi ol Oregondan jaý satyn almakçy bolýar we lotereýa oýnamagy dowam etdirmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir