Toyota täzelenen flagman Crown 2025 sedanyny hödürledi. Carscoops-yň habar bermegine görä, esasy täzelik – onuň nyşanlary, gapy tutawaçlary, aýna jaýlary, antennasy we 21 dýuýmlyk teker diskalary ýaly, gara ýa-da garaldylan daşky elementleri öz içine alýan Nightshade komplektasiýasy. Crown 2025 dört komplektsiýada elýeterdir: XLE, Limited, Nightshade we Platinum. Bularyň hemmesinde sedan iki sany 12,3 dýuýmlyk ekran, deri salon, öňdäki oturgyçlary gyzdyrgyçly we Toyota Safety Sense 3.0 howpsuzlyk ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Esasy XLE komplektasiýasy ýönekeý 6 dinamikli ses ulgamy bilen üpjün edilýär. Beýleki wersiýalarynda 11 dinamikli JBL Premium Audio akustikasy bar. Crown 2025-leriň hemmesi gibridlerdir. XLE, Limited we Nightshade komplektasiýalarynda 239 at güýjüni öndürýän güýç gurluşy 2,5 litrlik hereketlendirijä we elektrik hereketlendirijisine esaslanýar. Platinum-yň ýokarky wersiýasynda 340 at güýjüni öndürýän güýç gurluşy, täze Land Cruiser Prado 250 ýaly, 2,4 litrlik hereketlendirijä esaslanýar we ähli tekerleri hereketli. Şeýle awtoulagyň bahasy 54 990 dollar. 2025 Toyota Crown-yň esasy wersiýasy 41 440 dollardan başlaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir