Dubaýda beýikligi 828 metr bolan beýik bina – Burj-Halifa dünýäniň iň beýik binasy hasaplanýar, ýöne bu ýaşaýyş jaýy däl-de, täjirçilik binasydyr. Mail.ru-nyň habar bermegine görä, häzirki wagtda ägirt uly taslamalary bilen tanalýan şäher dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýyny gurmakda hem öňe saýlanmak kararyna geldi. Şäheriň merkezine we Palm Jumeýra adasyna ýakyn ýerde, abraýly Marina sebitinde täze 122 gatly Six Senses Residences Dubai Marina toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Woods Bagot, WSP Middle East kompaniýalary we Six Senses myhmanhana operatory tarapyndan işlenip düzülen taslama meýilnamada görkezilişine görä 2028-nji ýyla çenli tamamlanar. Gökdirän binanyň beýikligi 517 metr bolar - bu häzirki iň beýik ýaşaýyş binasyndan - Nýu-Ýorkdaky 472 metrlik Central Park Tower diňinden 45 metr beýikdir. Six Senses Residences Dubai Marina meýdany 1310 inedördül metre çenli bolan üç gatly, bäş otagly penthauslary goşmak bilen, 251 sany kaşaň kwartirany öz içine alar. Onuň ýaşaýjylary sport zaly, spa-merkezi, kinoteatr we “ses bilen bejeriş studiýasy” ýaly, giň infrastrukturadan peýdalanyp biler. Kwartiralaryň bahalary entek aýan edilmedi, ýöne taslamanyň üýtgeşikdigini we ýerleşýän ýerini göz öňünde tutup, olaryň millionlarça dollar boljakdygyny çaklamak bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir