"Jeýms Uebb" kosmos obserwatoriýasy kosmosda iň tanalýan şekilleriň biri bolan - Atyň Kellesiniň dumanlygynyň jikme-jik suratyny aldy diýip, Naked Science ýazýar. Barnard 33, şeýle hem Atyň Kellesi ady bilen tanalýan dumanlyk Günden 1300 ýagtylyk ýyly aralykda ýerleşýän Orion ýyldyzlar toparynda ýerleşen garaňky dumanlykdyr. Bu at oňa atyň kellesine meňzäp duran sudury üçin berildi. Dumanlyk gyzyl öwüşginde atyň kellesiniň şekilinde gara tegmil bolup görünýär. Bu ýagtylyk Orion ýyldyzynyň şöhlelenmesiniň netijesinde ýüze çykýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir