Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowany doglan güni bilen gutladylar. “Siz uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekli, yhlasly we halal zähmet çekip, ussat diplomat hökmünde eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, ýurdumyz bilen beýleki döwletleriň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň has-da artmagyna mynasyp goşant goşup gelýärsiňiz. Siz özüňizi Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly ynsan, ussat diplomat, işbaşarjaň, guramaçy, talap ediji ýolbaşçy hökmünde görkezmegi başardyňyz. Özüňize ynanylan wezipeleri borjuňyza ýokary derejede düşünip, ak ýürekden, nusga alarlyk derejede ýerine ýetirdiňiz. Siz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berýärsiňiz. Bu ugurda baý durmuş we iş tejribäňizi ýaşlara öwretmek boýunça zerur işleri alyp barýarsyňyz. Tejribeli diplomat hökmünde milli diplomatik işgärleri terbiýeläp ýetişdirmäge-de öz şahsy goşandyňyzy goşýarsyňyz. Siziň köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, ak ýürekli, tutanýerli zähmetiňize eziz Watanymyz, mähriban halkymyz ýokary baha berdi. Siz köp sanly döwlet sylaglary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolduňyz. Gazanan bu üstünlikleriňiz guwanylmaga mynasypdyr. Siz özüňize ynanylan islendik wezipede yhlasly, halal zähmet çekip, ýaş nesillere nusgalyk görelde bolýarsyňyz. Netijede, görnükli diplomat hökmünde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň arasynda örän uly abraý gazandyňyz” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi. “Siz ata Watanymyza köp ýyllap yhlas bilen, tutanýerli hyzmat etdiňiz. Uzak ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, dünýäniň ösen, öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere mynasyp goşant goşduňyz. Ussat diplomat hökmünde Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ilerletmäge çalyşdyňyz. Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda netijeli işleri amala aşyrdyňyz. Haýsy wezipede işleseňiz-de, mähriban Watanymyza, eziz halkymyza wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdiňiz. Siz tejribeli we ussat diplomat hökmünde ýurdumyzyň ýaş diplomatik işgärlerini terbiýeläp ýetişdirmekde, öz baý tejribäňizi olara öwretmekde hem köp işleri bitirdiňiz. Häzirki döwürde-de yhlasly zähmetiňiz bilen ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarsyňyz. Watanymyz Siziň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetiňize ýokary baha berdi. Siz ýurdumyzyň köp sanly döwlet sylaglaryna, şeýle-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolduňyz. Bu ýokary sylaglar Siziň eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren asylly işleriňize şaýatlyk edýär. Halkymyzyň öz zähmetsöýer gyzyna bolan buýsanjyny artdyrýar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow we Serdar Berdimuhamedow Çynar Rustemowany şanly ýubileýi bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir