Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşaýjylary tupanly çabgalar sebäpli täze gaýly howa bilen ýüzbe-ýüz boldular. Adatdan daşary ýagdaýlar, çökgünlikler we tebigy betbagtçylyklar boýunça milli edara (NCEMA) ilaty seresap bolmaga we zerur ätiýaçlyk çärelerini görmäge çagyrdy diýip, Khaleej Times ýazýar. Milli meteorologiýa merkeziniň çaklamalaryna görä, 2-nji maýda durnuksyz howa iň ýokary derejesine ýetip, ýurduň günbatar, kenarýaka we gündogar sebitlerine ýaýrap biler. Käbir sebitlerde ýeliň tizligi 65 km/sag bolar. Howplulygyň mämişi derejesi yglan edildi. BAE-niň häkimiýetleri tebigy hadysanyň zarbasyna we garaşylmadyk ýagdaýlara jogap bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Ýaşaýjylar, aýratynam, suw joşýan sebitlerde howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge çagyrylýar. Adamlardan zerur bolmasa tupan wagty köçä çykmazlyk we howa baradaky habarlary yzarlamak haýyş edilýär. Käbir sebitlerde mekdepler ýapyldy, awiagatnawlar gijikdirildi. Ýatlap geçsek, ýurt 16-njy aprelde Emirlikleriň başyna inen soňky 75 ýylda iň güýçli çabgadan soň dikelip başlapdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir