iOS 18 soňky ýyllarda operasiýa ulgamynyň iň möhüm täzelenmelerinden biri bolar diýlip garaşylýar. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň sözlerine görä, Apple “Bellikler”, “Poçta”, “Suratlar” we “Fitnes” ýaly meşhur programmalary täzelär. “Bellikler” matematiki deňlemeleri we ses belliklerini döretmek aýratynlygyny goldap biler. Şeýle hem “Poçta” işleýşini gowulandyrmaga gönükdirilen birnäçe üýtgeşmeleri başdan geçirer. Gürrüňlere görä, “Suratlar”-a täze redaktirleme gurallary we suratlar bilen işlemek üçin funksiýalar goşular. Mundan başga-da, iOS 18, Siri-ni has akylly we has amatly eder ýaly, neýroset üçin goldaw alyp biler. Şeýle-de, insaýderler iPhone-nyň esasy ekranyny kastomizirlemek mümkinçiliginiň boljakdygyny, munuň bolsa ulanyjylara amaly programmalary islendik tertipde ýerleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini habar berýärler. “Kalkulýator” hem täze funksiýalary alar, bu ilkinji gezek iPad planşetlerinde peýda bolar. iOS 18-iň resmi tanyşdyrylyşynyň iýun aýynyň başynda WWDC 2024-de bolmagyna garaşylýar. Ondan öň, 7-nji maýda Apple täze iPad Pro we iPad Air planşetleriniň, şeýle hem olar üçin esbaplaryň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir