Amerikaly aktýor “Gaýa” lakamly Dueýn Jonson Amazon MGM studiýasyna millionlarça dollar ýitgi çekdirdi. TheWrap portalynyň habar bermegine görä, aktýor “Gyzyl” (“Red One”) atly roždestwo komediýasynyň surata düşürilişine yzygiderli gijä galyp gelmegi filmiň ilkinji görkezilişiniň 2023-nji ýylyň ahyryndan 2024-nji ýylyň noýabr aýyna çenli yza süýşürilmegine sebäp boldy. Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Jonson işine ýedi-sekiz sagat gijä galyp gelmek bilen, tutuş surata düşüriş toparyny garaşdyryp, olaryň iş tertibini öz şahsy meýilnamasyna görä üýtgedipdir. Jonsonyň gijä galmak edehädi barada ilkinji gezek gürrüň edilmeýändigini bellemelidiris. Mundan ozal habar beriş serişdeleri “Gyzyl habarnama”-nyň surata düşürilişinde hem edil şunuň ýaly ýagdaýyň kärdeşi Raýan Reynoldsyň gaharyny getirendigini ýazypdylar. "Gyzyl" alnyp gaçylan Santa-Klausy tapmak tabşyrylan ýörite güýçleriň iki sany ofiseri barada gürrüň berýär. Filmde Kris Ewans, J.K. Simmons, Lýusi Lýu, Kirnan Şipka we beýlekiler surata düşýärler. Ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylyň 15-nji noýabryna meýilleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir