Köpetdag şaýolunyň «Polatly» binasy bilen «Akhan» binasynyň aralygyndaky ýol böleginde, şeýle-de Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk-gurnama işleri geçiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň hem-de Arkadag şäheriniň häkimliginiň habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň 29-njy aprelinden başlap, gurluşyk-gurnama işleri tamamlanýança, ýokarda görkezilen ýollarda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler. Bu barada bildiriş "Türkmenistan" gazetinde çap edildi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk-gurnama işleri Arkadag şäheriniň binagärlik şäher-gurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara has amatly, döwrebap şertleri döretmek maksady bilen ýerine ýetirilýär. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary döreder.