Günorta Koreýanyň Samsung Group holdinginiň bölümçeleriniň ýolbaşçylary wonanyň hümmetiniň pese gaçmagy, nebitiň bahasynyň we karz boýunça goýumlaryň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly kyn ykdysady ýagdaý sebäpli alty günlük iş hepdesine geçýärler. Bu barada “The Korea Economic Daily” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär. “Biziň Samsung Electronics ýaly esasy bölümçelerimiziň görkezijileriniň 2023-nji ýylda garaşylan netijäni bermändigini göz öňünde tutup, biz çökgünligi ýeňip geçmek maksady bilen ýolbaşçylar üçin alty günlük iş hepdesini girizýäris” diýlip, holdingiň beýanynda aýdylýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Samsung Electronics-iň ýolbaşçylygy, şol sanda önümçilik we söwda bölümçeleriniň işgärleri bäş günlük iş hepdesinden soň ýa-ha şenbe güni, ýa-da ýekşenbe güni işlärler. 2023-nji ýylda Samsung Electronics 11 mlrd dollar möçberde operasion ýitgini hasaba aldy. Şu hepde şeýle iş tertibine Samsung Display, Samsung Electro-Mechanics we Samsung SDS hem geçer. Käbir bölümçeleriň ýolbaşçylary eýýäm ýylyň başyndan bäri hepdede alty gün meýletin işleýärler. Ýöne Samsung Group-yň bölümçeleriniň beýleki işgärleri 2003-nji ýylda kesgitlenilişi ýaly, hepdede bäş gün işlemegini dowam etdirerler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir