Mart aýynda dünýä bazarynda awtoulag satuwy 8,026 mln ýeňil we ýeňil söwda awtomobiline deň boldy, bu bir ýyl ozalkydan 1,9% köpdür. Çärýegiň dowamynda satuw 4,4% ýokarlanyp, 20,762 mln birlige barabar boldy. Bu barada GlobalData-nyň gözleginde aýdylýar diýip, kommersant.ru habar berýär. Hytaý mart aýynda 2,154 mln awtoulag satyp, dünýäde awtoulag satuwy boýunça ýurtlaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Onuň görkezijisi bir ýyl ozalkydan 5,2% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, fewral aýynda Aý senenamasy boýunça Täze ýylyň bellenilmegi bilen baglylykda Hytaý birinji orny ABŞ-a berdi. Mart aýynda ABŞ-da 1,437 mln awtoulag satyldy, ösüş 5,5% boldy. Mart aýynda Günbatar Ýewropa ýurtlarynda satuw 1 mln 454 müň awtoulag (-1%) boldy, Gündogar Ýewropa ýurtlarynda satuw 21% ýokarlanyp, 404,8 müň birlige ýetdi. Satuw boýunça ösüş Russiýada, Ukrainada we Türkiýede hasaba alyndy. Günorta Amerikada 200 müň awtomobil satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 10,7% azdyr. Şeýle-de, gözlegde Ýaponiýanyň (448 müň birlik, -21%), Kanadanyň (158,8 müň birlik, +7,2%) we Günorta Koreýanyň (143,4 müň birlik, -12,1%) netijeleri görkezilýär.