Auto.ru portalynyň habar bermegine görä, Bring a Trailer atly onlaýn-auksionda Ferrari F12tdf -iň özboluşly nusgasyna täze eýe tapylmady. Öňki eýesi ony 475 müň dollara satmaga razy bolmady. Bu awtoulag 2014-nji ýylda döredilen F12tdf-iň trek görnüşiniň zawod prototipi. Adatça, prototip derejesindäki ulag şahsy ele düşmäge degişli däldir, ýöne käbir sebäplere görä bu nusga üçin kadadan çykma edildi. Şeýle-de bolsa, tizligi sagatda 340 km-e ýetýän önümçilik modeli boýunça işler tamamlanandan soň, satuwdan öň prototipiň tizligi 24 km / sag-a çenli çäklendirildi. Iş ýüzünde ol hereketsiz eksponata öwrüldi. Işleýşiniň çäklendirilendigine garamazdan, awtoulag F12tdf-iň ähli daşky häsiýetlerini saklaýar, şol sanda 780 at güýji öndürýän 6,3 litrlik V12 hereketlendirijisi hem öňküligine galýar. Resmi taýdan prototip hasaba alynmaga we jemgyýetçilik ýollarynda ulanylmaga degişli däldir. Şeýle-de bolsa, täze eýesi elektron çäklendirijini aýryp, ýapyk trassada onuň mümkinçiliklerinden peýdalanyp biler. Nusganyň özboluşlydygyny göz öňünde tutsak, ol ulag serişdesi däl-de, kolleksiýanyň bir bölegi bolup galar.