NASA-nyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda asteroidi ýolundan sowmak maksady bilen başlanan Double Asteroid Redirection Test (DART) missiýasy garaşylmadyk netijelere getirdi: çaknyşyk wagtynda emele gelen kosmos galyndylarynyň käbir bölekleri Marsa tarap ugur alyp biler diýip, iXBT habar berýär. DART Dimorfos asteroidi bilen üstünlikli çaknyşyp, onuň orbitasyny üýtgedip bildi. Şeýle-de bolsa, çaknyşyk netijesinde köp mukdarda owranyp-döwlen bölekleriň käbiriniň Gyzyl Planeta howp saljakdygyny gözlegler görkezdi. Ýewropa kosmos gullugynyň astronomy Marko Fennuççi bilen Italiýanyň Milli astrofizika institutynyň astronomy Albino Karbonýani asteroidden bölünen 37 sany harsaňyň dördüsiniň Mars bilen çaknyşyp biljekdigini görkezýän modelirleme geçirdiler – olaryň ikisi, takmynan, 6000 ýyldan we ýene ikisi bolsa 15 000 ýyldan çaknyşmaly. Bu bölekler Ýere howp salmasa-da, olaryň Mars bilen çaknyşmagy Gyzyl planetadaky geljekki adam koloniýalaryna çynlakaý zeper ýetirip biler. Diametri dört-ýedi metr aralygyndaky harsaňlar baryp urlanda planetanyň üstünde diametri 300 metre çenli bolan kraterleri döredip biler. Ozal Ilon Maskyň 20 ýylda bir milliona golaý adamy Marsa ibermek meýilnamasyny hödürländigini ýatladýarys.