Apple 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ähli Mac hataryny emeli aňly täze M4 çipleri bilen täzelär. Bloomberg-iň berýän habaryna görä, kupertinoly kompaniýa her Mac enjamyna emeli aň mümkinçilikleri bolan M4 çipleriniň täze neslini ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Täze M4 çipleri üç görnüşde bolar: Donan, Brava we Hidra. Donan MacBook Pro-nyň, MacBook Air-niň we Mac mininiň esasy modellerinde, Brava ýokary öndürijilikli MacBook Pro-da, Hidra bolsa ýokary derejeli Mac Pro-da ulanylar. Bu täzelenme, M2 bilen deňeşdirilende derekli öndürijilik görkezmedik, 2023-nji ýylyň güýzünde çykan M3 çiplerinden ep-esli gowy netije görkezer. M4-e emeli aňyň girizilmegi Apple-iň öz enjamlarynyň öndürijiligini we işleýşini gowulandyrmaklyga gönükdiren has giň strategiýasynyň bir bölegidir. Apple -iň baş direktory Tim Kuk 2024-nji ýylyň fewralynda kompaniýanyň üstümizdäki ýylda önümlerinde görkezjek öz emeli aň ulgamlarynyň üstünde işleýändigini habar berdi. Geçen maliýe ýylynda Mac-yň satuwynyň 27 göterim peselmegi Apple-e islegi höweslendirmek üçin täze çözgütleri gözlemäge itergi berdi. Emeli aňly täze M4 çipleri sarp edijileriň Mac kompýuterlerine bolan gyzyklanmasyny gaýtaryp getirjek faktor bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir