Hytaýyň Huawei korporasiýasy golçur kärhanasy bolan Honor kompaniýasynyň satuwynyň tamamlanandygy barada habar berdi. Firmanyň ýyllyk hasabatynda Honor kompaniýasynyň we onuň ähli serişdeleriniň satuwynyň ýapylandygy aýdylýar. Materiallarda Honor-yň täze eýesiniň kompaniýanyň emläklerini möhletlere bölüp tölemek esasynda satyn alandygy görkezilýär. Şeýle-de bolsa, Huawei söwdanyň soňky ahyrky mukdaryny mälim etmedi. Shenzhen Zhixin New Information Technology Co. Ltd. korporasiýasy tarapyndan Honor kompaniýasyny we beýleki şahamçalary satyn almak baradaky şertnama 2020-nji ýylda başlandy. Huawei 2019-njy ýylyň maý aýyndan başlap ABŞ bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşandygy sebäpli kompaniýany satmaga mejbur boldy. Huawei smartfon öndürýän golçur kompaniýasyny satmak bilen, häzirki şertlerde Honor-yň önümçilik üçin zerur bolan möhüm esbaplara elýeterliligini ýitirjekdigini boýun aldy. Žurnalistleriniň pikiriçe, hytaý korporasiýasy şeýle etmek bilen golçur kärhanasyny gorady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir