Hytaýyň Döwlet intellektual eýeçilik edarasy Huawei kompaniýasynyň “Eplenýän ekran gurluşy” atly täze patenti barada habar berdi. Bu barada ixbt.com belleýär. Huawei kompaniýasy täze “üç ekranly ykjam telefony” işläp taýýarlaýar. Onuň eýýäm şu ýylyň ikinji çärýeginde çykarylmagyna garaşylýar. Huawei-niň insaýderleri hem kompaniýanyň bu patentlenen tehnologiýany birnäçe ýyl mundan ozal öwrenip, işläp taýýarlap başlandygyny we degişli patentleriň heniz 2022-nji ýylda çap edilendigini tassykladylar. Mindray Asset Management Co., Ltd.-niň baş müdiri Wan Haoýuý: Biziň gözleglerimize laýyklykda, Huawei kompaniýasy üç ekranly ykjam telefonlaryň gözleglerini we işläp taýýarlamalaryny birsydyrgyn alyp barýar we degişli ultra-inçe çeýe aýna örtügini (UTG) birnäçe aý mundan öň synagdan geçirip başlady. Bu eýýäm taýýar önüm diýen ýaly” diýip belleýär. Wan Haoýuý üç ekranly smartfonlary işläp taýýarlamakda kompaniýalaryň bilelikdäki gözlegleri dowam etdirmelidigini we ýygy-ýygydan eplenen ýagdaýynda ekranyň we birleşdiriji halkalaryň hyzmat ediş möhleti, eplenenden soň ekranyň galyňlygy, awtonom iş wagty we programma üpjünçiliginiň uýgunlaşmagy ýaly meseleleri çözmelidigini nygtady. “Üç ekranly ykjam telefonlaryň meşhurlygynyň artýandygy üçin, ýyllyk satuwyň 2,8 – 4,2 mln birlige ýetmegine garaşylýar” diýip, Wan Haoýuý belledi.