Hytaýyň iň iri BYD awtoulag öndürijisi 2023-nji ýyl üçin täsirli netijeleri görkezýän maliýe hasabatyny çap etdi. Kompaniýa satan awtoulaglarynyň mukdary boýunça diňe bir BMW-den öňe geçmek bilen çäklenmän, gözleg we ösüş çykdajylary boýunça Tesla-dan öňe geçdi diýip, ITXome-e salgylanýan iXBT.com habar berýär. BYD 2023-nji ýylda 3,024 million awtoulag satdy, her günde bolsa ortaça 8300 awtoulag satyldy. Kompaniýanyň geçen ýylky girdejisi 83 milliard dollardan ýa-da bir günde 227 million dollardan geçipdi. Bu mukdaryň 80% -den gowragy awtoulaglardan we onuň bilen bagly telekeçilikden gelýän girdejileriň paýyna düşýär. Arassa girdeji 4,15 milliard dollar ýa-da günde 11,4 million dollar boldy. BYD BMW-ni gysyp çykarmak bilen, ilkinji gezek dünýäniň iň iri on awtoulag kompaniýasynyň hataryna girdi. Hytaý brendi şeýle üstünligi ilkinji gezek gazanýar. Kompaniýanyň başlygy Wan Çuanfu maliýe hasabatyna teswir bermek bilen, 2024-nji ýylda 3 million awtoulag satmagy maksat edindi.