1-nji aprelde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de Açyk gapylar hepdeligi badalga aldy. Ýaryşlara Türkmenistanyň 20 sany ýokary okuw mekdebinden talyplar we ýurdumyzyň 11 sany mekdebiniň okuwçylary gatnaşýar diýip, Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Ýaryşlar dört ugur boýunça geçirilýär: fijital-futbol, fijital-basketbol, fijital-karate we fijital-stol tennis. Fijital sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birigmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär. Fijital sport boýunça ýaryşlar 6-njy aprele çenli dowam eder.