Ýaňy-ýakynda elektronika öndürijisi hökmünde has meşhur bolan Xiaomi bahasynyň hiline degýändigi sebäpli derrew uly meşhurlyga eýe bolan SU7 elektrik sedanyny çykardy. Indi kompaniýa awtoulag bazarynyň täze bir bölegini eýelemekçi bolýar diýip, ITHome habar berýär. “Ygtybarly çeşmelere” salgylanýan Blue Whale Financial -yň tassyklamagyna görä, Hytaýyň tehnologiýa ägirdi wnedorožnik ýa-da krossower boljak ikinji awtoulagyny çykarmaga taýynlanýar. Täze önümiň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bazara çykmagyna garaşylýar. Xiaomi ozal kompaniýanyň ilkinji awtoulagynyň näme üçin wnedorožnik däl-de, sedan bolandygyny düşündirdi. Xiaomi-niň pikiriçe, sedanlar “her döwrüň ruhuny görkezýän wekilidir” we “her döwürde ýokary gatlagyň ilkinji saýlawydyr”. Wnedorožnigi bolsa kompaniýa “pudagyň şasy” diýip atlandyrýar. Xiaomi Group-yň prezidenti Lu Weýbing öň çykan Xiaomi SU7 sedanynyň rekord tizlikde satyn alynýandygyny tassyklady. Şeýle hem, ol janköýerlere berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Awtoulag bazaryna çykmagy - Xiaomi-niň ýeke-täk täze ugry däl. Owal biz ýokary hilli periferiýa enjamlaryny we esbaplaryny öndürmäge ugrugan Xiaomi Life brendiniň döredilendigi barada habar berdik.