Ýewropa komissiýasy Spotify ýaly üçünji tarap aýdym-saz akym programmalarynyň işlemegini kynlaşdyrýandygy üçin Apple-e, takmynan, 500 million ýewro jerime töletmäge taýynlanýar diýip, ITHome habar berýär. Bu Spotify tarapyndan 2019-njy ýylda berlen şikaýatyň netijesinde Ýewropa Komissiýasy tarapyndan Apple-e berlen ilkinji jerime bolar. Bäsdeşler Apple-iň bazarda eýeleýän esasy ornundan hyýanatçylykly peýdalanýandygyny we aýdym-saz akym programmalaryny Apple-iň içerki töleg ulgamyny ulanmaga hem-de programmanyň içindäki satyn alyşlar üçin töleg tölemäge mejbur edip, bäsdeşligiň düzgünlerini bozýandygyny öňe sürýärler. ITHome-yň berýän maglumatlaryna görä, Ýewropa Komissiýasy Apple-den töleg ulgamyny üýtgetmegini talap etmeýär, ýöne ulanyjylara bahalaryň arzanlamagyna sebäp bolup biljek aýdym-saz akym programmalaryny döredijilere öz hyzmatlaryna ýazylmak üçin öz sahypalaryna birikmegine rugsat bermegini talap eder. Ýewropa Komissiýasynyň bu mesele boýunça birnäçe hepdäniň içinde karar bermegine garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir