Beýik Britaniýanyň 75 ýaşly patyşasy Çarlz III-iň rak keseli bilen keselländigi anyklandy. Bu barada Bukingem köşgüniň Metbugat gullugy habar berdi. Patyşa bu temadaky myş-myşlaryň öňüni almak maksady bilen, kesel kesgidi barada özi habar bermegi makul bildi. Patyşa maşgalasynyň wekilleri Çarlz III-e rak keseliniň haýsy görnüşiniň degendigini takyk aýtmadylar. Diňe munuň prostatanyň rak keseli däldigi bellendi. Patyşa bejergi almaga başlady, ol bejergi döwründe döwlet we hat-ýazuw işleri bilen meşgullanmagyny dowam etdirer, ýöne lukmanlaryň maslahaty bilen jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmakdan saklanar. “Patyşa wagtynda hassahana ýerleşdirilip, bejergi berilmegi babatynda dessin aladalary üçin lukmanlaryna minnetdardyr. Ol berilýän bejergä oňyn garaýar we gysga wagtda hökümet işlerine gaýdyp gelmegi umyt edýär "- diýip beýanda aýdylýar. BBC News-yň belleýşi ýaly, ýanwar aýynyň ahyrynda Çarlz III prostatanyň ulalmagy sebäpli berlen lukmançylyk bejergisinden soň Londonyň hususy hassahanasyndan çykaryldy. Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Rişi Sunak patyşa “tiz wagtda doly sagalmagyny” arzuw etdi. Hökümet başlygy X sosial ulgamynda (öňki Twitter): “Ýakyn wagtda oňa gujur-gaýratyň gaýdyp geljekdigine şübhelenemok we tutuş ýurduň saglyk dileýändigini bilýärin " - diýip ýazdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir