Türkmenabat pamyk egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleriň öndürilişi ýylsaýyn ýokarlandyrylýar. Bu ýerde sarp edijileriň buýurmalary esasynda nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär diýlip, welaýat neşirinde habar berildi. Fabrikde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda hem nah ýüplükleriň 2 müň 240 tonnasy taýýarlanylyp, 38 million 282 müň 37 manatlyk iş edildi. Şeýle-de degişli döwürde nah ýüplükleriň 695 tonnasy, pul hasabynda bolsa 10 million 101 müň 969 manatlygy eksporta ugradyldy diýlip, habarda bellenilýär.