Belarussiýanyň Milli ýygnagynyň Wekiller palatasy ikinji okalyşda barly raýatlar üçin girdeji salgydynyň möçberini köpeldýän kanun kabul etdi. Bu barada Respublikanyň Parlamentiniň metbugat gullugy habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Ýyllyk girdejisi 200 müň milli rubldan geçýän belaruslar üçin girdeji salgydy 13 göterimden 25 göterime çenli ýokarlandyryldy. Ýerli häkimiýetleriň bahalandyrmagyna görä, täze kanun 8-9 müň adama galtaşar.