Russiýanyň adam hukuklary boýunça ynanylan wekili Tatýana Moskalkowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň adam hukuklary boýunça komissiýasynyň başlygy wezipesine iki ýyl möhlet bilen saýlandy. Bu barada «RIA Nowosti» habar berýär. 29-njy noýabrda Minskde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň adam hukuklary boýunça komissiýasynyň birinji ýygnagy geçdi. Komissiýanyň düzümine Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Belarusuň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri girýärler.