Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçirilip, onda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy. Maslahatyň barşynda «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynda Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 124 milliard 299 million 117,6 müň manat we çykdajylar boýunça 117 milliard 601 million 110,4 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigi tassyklanylýar.