Ýurduň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümi tassyklandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.