Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon assosiasiýasynyň başlygy, Tokionyň Tehnologiýa institutynyň hormatly professory Hideomi Koinuma bilen duşuşyp, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada pikir alyşdy. “Gepleşikleriň dowamynda ylym, bilim we tehnologiýa pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüşi bellenildi. Taraplar ylym we bilim pudagynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler” – diýlip, Türkmenistanyň Tokiodaky diplomatik wekilhanasynyň habarynda aýdylýar. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen özara gatnaşygyň hukuk binýadyny berkitmäge degişli pikirler diňlenildi.