Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Haý Al Hameli Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna baryp gördi. Ilçi bu ýerde institutyň rektor Maral Kulyýewa bilen duşuşdy. Ilçihananyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşykda taraplar bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň ýollaryny we BAE-nyň arap dilini öwretmekdäki oşandyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir