Gyrgyz Respublikasynda kuwwat beriji içgileri mahabatlandyrmaklyga gadaganlygy girizildi. Bu barada Respublikanyň Ykdysadyýet we söwda ministrliginde habar berildi. "2023-nji ýylyň 3-nji iýulynda ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow Gyrgyz Respublikasynyň “Mahabat baradaky" kanunyna üýtgetmeler girizmek baradaky kanunyna gol çekdi. Bu kanun kuwwat beriji içgileriň mahabatyny gadagan edýär” – diýip habarda aýdylýar. Ministrlikde düşündirilişi ýaly, kuwwat beriji içgileriň düzüminde kofein, guarana, taurin we ženşen ýaly "gurplandyrjy komponentler" bar. "Käbir kuwwat beriji içgileriň bir paýynda 100 mg-a çenli kofein bar. Bu adaty kofeniň bir paýyndakydan 8 esse köp. Içgini içeniňizde ganda süýjiniň artmagynyň we gan basyşynyň ýokarlanmagynyň töwekgelçiligi artýar, esasanam, içgi kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin aýratynam howplydyr" diýip habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir