Aston Martin kompaniýasy Silverstone ýolunda goýan rekordyna bagyşlanan wideosyny çap etdi. Dürli ýyllarda çykan 110 awtoulagynyň kerweni bu ýolda “Aston-laryň” iň uly ýygyndysy diýlip atlandyryldy. Ýöriş markanyň öz 110 ýyllygyna we formula bölüminiň täze ştab-kwartirasynyň açylyşyna bagyşlandy. Rekord ýaryşyna dünýäniň dürli künjeklerinden Aston Martin-iň janköýerleriniň gatnaşandygy we kerwendäki awtoulaglaryň markanyň terjimehalynyň ähli döwürlerini aňladýandygy öňe sürülýär. Ýola çykan iň köne awtoulag Aston Martin A3 100 ýaşdan geçdi. Aramco Cognizant Formula One Technology Campus diýip çylşyrymly ady bolan kompaniýanyň formula bölüminiň täze ştab-kwartirasy üç binadan ybarat bolar. Jemi işgär sany 700 adama ýeter – olar täze sport awtoulaglaryny işläp düzmek, synag etmek we öndürmek bilen meşgullanarlar. Bu toplum, hatda hususy aerodinamiki turbany hem öz içine alar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir