«Rolling Stones» aýdym-saz toparynyň deprekçisi Çarli Uottsyň kitaphanasy golaý günlerde söwda-satyg auksionyna çykarylar, onuň kitaplarynyň arasynda «Beýik Getsbi» romanynyň seýrek nusgasy hem bar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. «Christie's» söwda-satyg öýi tarapyndan auksiona çykaryljak kitaplaryň arasynda iň gymmatlysy ýazyjy F.Skott Fisjeraldyň goly goýlan «Beýik Getsbi» romanynyň ilkinji çap edilen nusgasydyr. Oňa 200-300 müň ýewro möçberinde baha kesmek meýilleşdirilýär. Ýazyjy bu kitabyny MGM kinostudiýasynyň ssenariçisi Garold Goldmana gol çekip sowgat beripdir. Toplumda şeýle-de Agata Kristiniň, Jeýms Joýsuň kitaplarynyň ilkinji neşirleri bar. Merhum sazanda Çarli Uottsyň terjimehalynyň awtory Pol Sekston onuň bu kitaplary okamakdan egsilmez ruhy lezzet alandygyny, edebiýaty öz ömrüniň aýrylmaz bölegi hasaplandygyny gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir