Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz üpjünçiligini artdyrmak boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etdirmekçi. Muny Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň sözlerine salgylanyp, «Trend.az» habar berdi. Habar berlişi ýaly, bu barada R.Meredow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýun bilen Aşgabatda bolan duşuşygynda mälim edipdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti Si Szinpin şu ýylyň ýanwar aýynda Pekinde geçirilen gepleşiklerden soň döwletara hyzmatdaşlygy, hususan-da, ykdysadyýet we energetika ugurlary boýunça şertnamalara gol çekdiler. Mundan başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen CNPC-niň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. CNPC şeýle hem Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir