1-nji iýulda Ankarada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş edarasynda «Magtymguly Pyragy we türk halklaryň edebiýaty» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan habar berildi. Halkara maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymgulynyň adyny göterýän Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň müdiriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir