Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, GDA-nyň kanuny we beýleki guramalarynda Türkmenistanyň hemişelik doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew GDA-nyň beýleki wekilleri bilen bilelikde Belarus Respublikasyndaky СЗАО «БелДжи» zawodyna baryp gördi. СЗАО «БелДжи» respublikadaky ýeňil awtoulaglary öndürýän ilkinji zawod bolup durýar. Türkmen we beýleki diplomatlar «Geely» awtoulaglarynyň önümçiligi bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar Belarusda ýygnalan we satylan ähli modelleri synagdan geçirdiler. Olaryň arasynda elektroulaglar bolan «Geometri C» we «Monjaro» krossoweri hem bar. Bu barada Arkalaşygyň resmi saýtynda habar berildi. «БелДжи» zawody 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri işleýär, «Geeli Atlasyň» we beýleki häzirki zaman awtoulaglarynyň doly gurnamasyny (kebşirlemek, reňklemek we göni ýygnamak) amala aşyrýar. Zawodda Awstriýanyň «Fronius» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen CMT (Cold Metal Transfer) tehnologiýasy ulanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir