Türkmenistanda tomus mwsüminde ýyladyş infrastrukturalaryny abatlamak we gyş möwsümine deslapdan taýýarlamak işleri başlanýar. Bu işleriň çäklerinde Aşgabat şäheriniň häkimligi Aşgabatýylylyk trestiniň ýyladyş ulgamlaryny düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan etdi. Degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetinde neşir edildi. Şeýle hem şäher häkimligi trestiň çillerlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak üçin täze kompressorlary satyn alar. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň arzalary we teklipleri şu ýylyň 19-njy iýulyna çenli Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde kabul ediler. Salgysy: Aşgabat ş,. Arçabil şaýoly, 156. Telefon belgileri: 39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir